- ugur
- 1) Uzalyp gidýän zadyň boýdan-başy, tutuş boýy.∙ Jigi jan, ýol ugrundan sowarak duraweri! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Bu köçeleriň ugrundaki täze tipde salnan gündüz ýaly ak jaýlar kolhoz obasynyň görküne görk goşýar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)2) Usul, tär, ýol, emel, ýagdaý.∙ Olaryň her haýsy bilen gürleşmegiň bir ugry bar. («Sowet Türkmenistanynyn Aýallary» žurnali)3) Garyndaşlyk topary, tarapy.∙ Ol biziň daýy ugrumyz bolmaly. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)4) Jemgyýetçilik, ylmy we ş. m. akym.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar.Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.Meselem ugur - ugrum, ugruň, ugry.◊ ugruna çykmak — Biriniň ýa-da bir zadyň aladasyny etmek.∙ Daň bilen turup nahar ugruna çykdylar, birnäçeleri bolsa mallara seretmegä başladylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)◊ ugruna kowmak — Diýeni, edeni bilen razylaşmak, tersine gaýtmazlyk, özbaşyna goýbermek.∙ Bu örän owadan, owadanyň-da owadany! -- diýip, onuň ugruma kowmagy meni hem götergiledi. («Tokmak» žurnaly)◊ ugruna sürmek — Göwnünden turmak, diýenini edip, aýdanyna däl diýmezlik.◊ ugruňy ýitirmek — Etjek işiňi bilmän aljyramak, durmuşda azaşmak.∙ Ýitirdim ugrumy, ýokdur kararym. («Sowet Türkmenistany» gazeti)◊ ugry bar bolmak — Biri ýa-da bir zat barada aýdylýan gürrüňiň jany bar bolmak, delile dogry gelmek.∙ Dogry, siziň aýdanlaryňyzyň hem bir ugry bar bolmagy mümkin!◊ ugryny tapmak1) Bir zadyň tärini bilmek.∙ Derrew ugruny tapdy-da, ony possowetiň garamagyndaki çagalar bagynyň buhgalteri edip geçirdi. («Tokmak» žurnali)2) Biri bilen umumy dil tapmak, göwnüni tapmak.◊ ugur almak1) Işiň şowuna bolmak.2) Rowaç almak.∙ Ýöne welin, iň ilki onuň özüni çagryp getirsek, şonda iş örän ýagşy ugur alardy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)3) Görelde almak, ugrukmak.◊ ugur haýyr bola! — «Işiňiz şowuna düşsün, rowaç alsyn, nirä barýarsyňyz» diýen manyda.∙ Myrat olary görüp: -Ýeri dostlar, ugur haýyr bola! -- diýdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.